Satyjy oglan işgär gerek
Описание
SATYJY-MASLAHATÇY WEZIPESINE OGLANLARY IŞE ÇAGÝARYARYS! Änew şäherindäki «Bezeg market» gurluşyk dükanyna müşderilere hyzmat etmegiň medeniýetini bilýän, aragatnaşyk ukyby ýokary bolan we jogapkärli satyjy-maslahatçy wezipesine oglanlary işe çagyrýarys. Müşderilerimiziň hoşallygy biziň üçin örän ähmiýetlidir! Etmeli işleri (Borçlary): • Dükana gelýän müşderileri güler ýüz bilen garşylamak we olara haryt saýlamaga professional derejede maslahat bermek (işi özümiz öwredýäris). • Gurluşyk harytlarynyň dükanda arassa, tertipli we talaba laýyk durmagyny üpjün etmek. • Täze gelen harytlary tekjelere düzmek we olaryň bahalarynyň dogry hem-de ýerbe-ýer durmagyna gözegçilik etmek. • Gelýän harytlary kabul etmek we satylan harytlary ugratmak. 👤 Wezipä laýyk geljek dalaşgär: • Ýaşy 20–30 aralygynda bolan. • Uzak möhletli (dowamly) işlemegi meýilleşdirýän. • Işine ünsli, gurluşyk harytlaryny öwrenmäge we dogry maslahat berip satmaga uly höwesi bolan. • Iş tejribesi: Öň söwda ulgamynda iş tejribesi bolanlara artykmaçlyk berilýär (tejribesiz hem bolýar). 💰 Zähmet haky we ýeňillikler: • Aýlyk haky: 3000 manat we ýokary (takyk möçberi dalaşgär bilen geçiriljek söhbetdeşlikden soň, ukybyna we tejribesine görä bellener). • Töleg şertleri: Zähmet haky gijikdirilmezden berilýär. Islege görä günlük, hepdelik ýa-da aýlyk görnüşinde tölenip bilner. • Goşmaça baýraklar (premiýalar): Dükanyň söwda meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine we işgärleriň işjeňligine görä, aýratyn goşmaça pul baýraklary bellenilýär (harytlary gowy öwrenen deň soňra). ⏰ Iş şertleri: • Iş wagty: 09:00 - 20:00. • Iş tertibi: Hepdede 6 gün iş, 1 gün dynç (6/1). • Nahar: Günortanlyk nahary dükan tarapyndan mugt üpjün edilýär. • Iş gurşawy: Arassa, ýyly we sowadyjy (kondisioner) ulgamy bilen üpjün edilen döwrebap dükan. 📍 Salgy: Änew şäheri, «Ak maýa» kafesiniň ýany. 📞 Habarlaşmak üçin: 865-82-89-00 (09.00-19.00 aralygy jaň etmekligiňizi haýyş edýärin!) 📧 E-mail: bezegmarket@gmail.com Sms we e-mail arkaly hem gysgaça özüňiz we iş tejribäňiz barada ýazyp bilersiňiz!
Похожие объявления

Mebel Ammara Satyjy
Änewden Diňe gyz işgär gerek 18 23 ýaş aralyk iş sagady 9-dan 18:00 çenli Her Otduh güni dynç Mebel Ammarda Kassa-da oturmaly iş kyn...

işgär gerek çäge elemäge
oglana iş bar çäge eläp gaplamaly ÿatjak ÿeri iÿjek nahary bar galan sorag jañda

Pekarna işgăr gerek
Pekarna işgăr gerek ýaýyjy iş gije ýatak jaý iýip içgiñ berilýä diñe gije işlemeli iş bilmeýän bolsa özimiz öwretýäs

isgar gerek
mal bakmali sagmali etmeli is o dereje kin dal islemeli yer nohur garagul iv icki dasynnan yatma turma yer dasynnan 1 adama layyjak is...

iṣgãr gerek
Tejen šäheri Arzuw bazarda naharhana kömekçi gyz iṣgär gerek iṣ wagty aÿlyk yagdaÿy jañda